Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyryldy. Has takygy, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Bern şäherine amala aşyran saparynyň dowamynda Şweýsariýanyň Federal daşary işler departamentiniň Döwlet sekretary Aleksandr Fasel bilen duşuşyp, oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentine ýollanan Parahatçylygyň we ynanyşmagyň halkara forumyna gatnaşmak baradaky çakylygy gowşurdy.
Duşuşykda A.Gurbanow BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hökmünde yglan edilen şu ýylyň aýratyn ähmiýetini belläp geçdi. Şu ýyl dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin Türkmenistanda we daşary ýurtlarda dürli çäreler geçirilýär.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda berilýän habara görä, şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän Parahatçylygyň we ynanyşmagyň halkara forumy şeýle wakalaryň esasylarynyň biri bolar. Şol günde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilmegi hem simwoliki häsiýete eýedir.