Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Şweýsariýanyň DIM-leriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

16:2619.03.2025
0
15038
Türkmenistanyň we Şweýsariýanyň DIM-leriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
Surat: Türkmenistanyň Daşary İşler Ministrligi

17 — 19-njy mart aralygynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Şweýsariýa Konfederasiýasynda saparda boldy.

Saparyň dowamynda Şweýsariýanyň Federal Daşary işler departamentiniň Döwlet sekretariatynyň Ýewraziýa bölüminiň ýolbaşçysy Mýuriel Peneweýre bilen syýasy geňeşmeler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýokary derejeli saparlaryň döwletara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orny eýeleýändigi aýratyn bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda, şol sanda halkara platformalarynyň çäklerinde şeýle gatnaşyklary guramagyň mümkinçiliklerine garadylar.

Diplomatlar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň zerurdygyny bellediler. Halkara düzümleriň, hususan-da, BMG-niň we ÝHHG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň netijeliligine üns çekildi.

Iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän, şeýle hem häzirki wagtda taslamalarynyň üstünde işlenilýän hukuk resminamalaryna garaldy.

Mundan başga-da, diplomatlar Türkmenistan bilen Şweýsariýa Konfederasiýasynyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollaryny, hususan-da, bilelikdäki işewürlik forumlaryny geçirmegiň we hyzmatdaşlygyň ulgamlaýyn mehanizmlerini döretmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Diplomatlar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy, şol sanda ylym we bilim ulgamlaryndaky gatnaşyklary ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bilelikdäki medeni çäreleri hem-de medeniýet günlerini geçirmäge gyzyklanma bildirildi.

***

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Şweýsariýa amala aşyran saparynyň barşynda Şweýsariýanyň Ykdysady meseleler boýunça Döwlet sekretariatynyň (SECO) ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklar bölüminiň başlygy Andrea Rober Sakser bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar söwda, energetika, ulag, agrosenagat we maýa goýum ulgamynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydyklaryny mälim etdiler.

Türkmenistan bilen SECO-nyň arasynda hyzmatdaşlygyň gurallaryny döretmegiň mümkinçilikleri, şol sanda tejribe alyşmak we hususy pudagyň ösüşinde innowasion çözgütleri ulanmak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň