Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Rim Papasy «aňlary we sözleri ýaragsyzlandyrmaga» çagyrdy

13:2519.03.2025
0
10777
Rim Papasy «aňlary we sözleri ýaragsyzlandyrmaga» çagyrdy
Surat: Gazeta.ru

Rim Papasy Fransisk sözleri, akyllary we Zemini ýaragsyzlandyrmaga çagyrdy. Bu barada ol Rimdäki 14-nji fewraldan bäri lukmançylyk bejergisini alýan Jemelli hassahanasyndan «Corriere della Sera» gazetiniň direktory Luçano Fontana iberen hatynda ýazdy.

Pontifik hatynda islendik sözüň ýöne bir söz däldigini, onuň adamyň ýaşaýan gurşawyny emele getirýän faktdygyny ýazdy. Sözler, şonuň üçin, birleşdirip ýa-da bölüp, hakykata gulluk edip ýa-da ony peýdalanyp biler diýlip, Fransiskiň hatynda bellenýär.

«Biz sözleri, akyllary we Ýeri ýaragsyzlandyrmalydyrys. Pikirlenmek, asudalyk, çylşyrymlylygy aňlamak üçin örän uly zerurlyk bar. Uruşlar agzybirligi we daşky gurşawy ýok edýärkä, gapma-garşylyklary ýeňmegiň ýoluna böwet bolýarka, diplomatiýa we halkara guramalar täze ýaşaýşa hem-de abraýa mätäçlik çekýärler. Aýratyn hem, dinler halklaryň ruhy gymmatlyklaryna aýak diräp, doganlyga we adalatlylyga, umyda we parahatçylyga ymtylyşy galkyndyryp bilerler» diýlip, hatda bellenýär.

Fransisk bu tagallalaryň gaýduwsyzlygy talap edýändigini nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň