Estrada aýdymçysy, Russiýa Federasiýasynyň halk artisti Bedros Kirkorow 93 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada onuň ogly, aýdymçy Filipp Kirkorow habar berdi diýip, «INTERFAX.RU» ýazýar.
«Men indi çaga däl. Şu gün 2025-nji ýylyň 18-nji martynda kakam – Russiýanyň Halk Artisti Bedros Kirkorow dünýäden ötdi, ýöne sen hiç haçan ýüregimden gitmersiň, kaka!» diýip, Filipp Kirkorow sosial tordaky sahypasynda ýazdy.
Bedros Kirkorow 1932-nji ýylyň 2-nji iýunynda Bolgariýanyň Warne şäherinde dünýä indi. Talypka konsertleri bilen işjeň çykdy. Moskwadaky sazly uçilişşäni tamamlandan soňra dogduk şäherindäki opera teatrynda zähmet ýoluna başlady. Ol radioda 50 töweregi aýdymy ýazgy etdirdi.