Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Yupekchi» TSTB-niň sergisinde: alkogolsyz içgileriň giň görnüşleri

16:3818.03.2025
0
18370

Iri sergilere yzygiderli gatnaşýan «Yupekchi» hojalyk jemgyýeti ýene bir gezek önümlerini Aşgabatda geçirilen giň gerimli sergide tanyşdyrdy. Bu çäre Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) 17 ýyllygynyň bellenilmeginiň çäklerinde geçirilýär.

«Yupekchi» kompaniýasy öz sergi diwarlygynda «Bold», «Softea», «Hoşal Kids», «Bulvar», «Yedigen», «Buzz», «Real» we «Näzli» ýaly meşhur brendleri astynda öndürýän önümleriniň köp sanly görnüşlerini görkezdi. Sergä gatnaşyjylara hödürlenýän alkogolsyz içgileriň dürli görnüşleri bilen tanyşmaga we olaryň ýokary hiline baha bermäge mümkinçilik döredildi.

Kompaniýa Türkmenistanyň ähli sebitlerindäki sarp edijilere önümleriniň elýeterliligini üpjün etmek bilen, distribýutorlyk ulgamyny işjeň ösdürýär hem-de eksport üpjünçiligini ýola goýýar.

«TSTB-niň sergisi ýaly möhüm çärede önümlerimizi tanyşdyrýandygymyza buýsanýarys.Bu biziň innowasiýalara we ýokary hile ymtylýandygymyzy görkezmek, şeýle hem täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir» diýip, «Yupekchi» kompaniýasynyň wekili belledi.

Önümleriň ähli görnüşleri bilen kompaniýanyň https://www.yupekchi.com resmi saýtynda tanşyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň