Top.Mail.Ru

Nobel baýragynyň eýesi baky doňaklykdaky wiruslaryň howpy barada duýdurdy

13:3018.03.2025
0
11432
Nobel baýragynyň eýesi baky doňaklykdaky wiruslaryň howpy barada duýdurdy
Surat: Regnum.ru

Ählumumy maýlama we baky doňaklygyň eremegi adamzat üçin howply ýokançlaryň oýanmagyna getirip biler. Bu barada Nobel baýragynyň eýesi Raýe Kwon Çung «RIA Nowosti» habarlar gullugy bilen söhbetdeşlikde aýtdy diýip, «Regnum.ru» ýazýar.

«Biz ol ýerde nähili wiruslaryň bardygyny hem bilmeýäris. Sibir başy bilen bagly ýagdaý diňe bir mysal, emma başga-da ýokançlaryň köp bolmagy mümkin» diýip, alym düşündirdi. Onuň sözlerine görä, bu ýokançlar Russiýanyň, Kanadanyň we Grenlandiýanyň demirgazyk sebitlerindäki buzluklarda bolup biler.

Alym şeýle-de ylmy maglumatlaryň ýüzlerçe wiruslaryň oýanmak mümkinçiligini tassyk edýändigini nygtap, olaryň käbirleriniň adam üçin howp döredip biljekdigini sözüniň üstüne goşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň