Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Abu-Dabide 10 müň dron yşykly şowhun görkezer

13:3417.03.2025
0
11898
Abu-Dabide 10 müň dron yşykly şowhun görkezer
Surat: UAE In Touch

Abu-Dabide 10 müň sany dronly dünýäde iň uly yşykly şowhuna taýýarlanýarlar. Bu waka ýokary tehnologiýalary we sungaty sazlaşdyrmak arkaly özboluşly bolar diýip, «PR Newsware» neşirine salgylanýan «caliber.az» ýazýar.

Şowhunyň dowamynda dronlar yşyklaryň üsti bilen dürli hereketli täsin şekilleri görkezerler. Şekiller saz bilen utgaşyp, tomaşaçylarda haýran ediji duýgulary döreder.

Şowhuny döretmek üçin ABŞ-dan «Nova Sky Stories» we Emirligiň «Analog» garyşyk reallygy döretmäge ýöriteleşen kompaniýalaryny çagyrdylar. Bu uly dabarany Abu-Dabiniň Medeniýet we turizm edarasy tehnologik gazananlar bilen tanyşdyrmak, tomaşaçylara düýbünden täze tehnologik öňegidişligi hödürlemek maksady bilen guraýarlar.

Şowhun diňe bir medeniýetde däl, eýsem, tehnologiýalar babatdaky öşüşler bilen tanyşdyrar. Ol dronlary göwün açyşlykda we sungatda ulanmak üçin täze gözýetimleri açar diýlip, habarda bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň