Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn asyryň altyn zehinleri» bäsleşiginiň döwlet tapgyryna 800-den gowrak mekdep okuwçysy gatnaşdy ý

12:2816.03.2025
0
26466

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň yglan eden “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly bäsleşiginiň döwlet tapgyryna 11-12-nji synp okuwçylaryň 811-si gatnaşdy.

Bäsleşigiň döwlet tapgyry ýurduň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde matematika, fizika, himiýa, biologiýa, taryh we daşary ýurt dilleri ýaly 8 okuw dersi boýunça geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň web sahypasynda habar berilýär.

Guramaçylaryň belleýşi ýaly, bäsleşigiň döwlet tapgyryna Aşgabat, Arkadag şäher hem-de welaýat tapgyrlarynda ýeňiji bolan, şeýle-de 2023-2024-nji okuw ýylynda bäsleşigiň döwlet tapgyrynda 1-nji, 2-nji derejeli diplomlar bilen sylaglanan okuwçylar gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener tehnologiýalar uniwersitetinde himiýa, fizika, biologiýa ugurlary boýunça geçirilen ders bäsleşiginde 276 okuwçy çykyş edip, gatnaşyjylaryň sanawynda ilkinji orny eýeledi. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda geçirilen matematika, informatika ugurlaryna bolsa 184 okuwçy gatnaşdy.

Buýruga laýyklykda ders bäsleşiklerine gatnaşýan okuwçylary adalatly bahalandyrmak maksady bilen, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryndan we talyplaryndan ybarat eminler toparlary döredildi we düzümleri tassyklanyldy.

2025-nji ýylyň 13-nji martynda bäsleşigiň jemleri jemlenildi we ýeňijiler yglan edildi.

Bäsleşigiň netijelerini Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň web sahypasyndan görüp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň