Tailandda 13-nji martda Milli pil güni baýram edildi. Ol 1998-nji ýylda döredildi. Dabaraly çäreler ýurduň gadymy paýtagty bolan Aýutthaýýa şäherindäki Patyşalyk pil saklawhanasynda ýaýbaňlandyryldy diýip, «MIR 24» habar berdi.
Baýramçylyga saklawhanada we golaýdaky obalarda pil saklaýjylar tarapyndan ideg edilýän 10-dan gowrak pili «çagyrdylar». Esasy dini çäreler tamamlanandan soňra piller üçin «şwed saçagyny» ýazdylar. Tegelek stollary miwelerdir iýilýän otlardan doldurdylar.
Tailandyň ýaşaýjylary pillere aýratyn hormat bilen garaýarlar. Ol ýurduň milli nyşany hasaplanýar. Ýerli ynanja görä, piller adamlardan bir basgançak aşakda ýerleşýär. Ýüzýyllyklar bäri albinos-piller Patyşalyk häkimliginiň nyşany hasaplanýar.
Soňky ýyllarda ýurtda piller gatnaşdyrylýan birnäçe çäreler we şowhunlar ýatyryldy. Öň tomaşaçy baryny ýygnan pil polo oýny hem taryhyň gatyna siňdi. Munuň sebäbi haýwanlaryň hukuklaryny goraýan täze kanunlardyr.
Häzirki wagtda Tailandda 3,5 müň pil ýaşaýar. Olaryň köpüsi öý pilleridir.