2025-nji ýylyň 14-nji martynda Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak ýyly hökmünde yglan edilmegi mynasybetli geçirilen “Türkmenistanyň döredijilik we innowasiýa ykdysadyýeti” atly halkara forum üstünlikli tamamlandy. 13-14-nji martda geçirilen bu çäre, Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrligi we ÝUNESKO işleri boýunça Türkmenistanyň Milli Komissiýasy bilen hyzmatdaşlykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) we Türkmenistandaky Beýik Britaniýanyň ilçihanasy tarapyndan guraldy. Forum, Türkmenistanda dinamiki we dowamly döredijilik we innowasiýa ykdysadyýetini ösdürmek strategiýalaryny öwrenmek üçin esasy gyzyklanýan taraplary, syýasatçylary, pudak ýolbaşçylaryny we telekeçileri birleşdirdi.
Ara alyp maslahatlaşmalar ykdysady diwersifikasiýa, telekeçilik we durnukly ösüşe itergi bermekde döredijiligiň we innowasiýanyň üýtgediji güýjüni görkezdi. Mowzuklar medeni miras pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak, döredijilik ösüşinde sanly tehnologiýalaryň roly, telekeçilik üçin maýa goýum mehanizmleri we innowasiýalarda inklýuziwlygyň ähmiýeti öz içine aldy.
“Innowasiýa we döredijilik durnukly ösüş üçin esasy faktorlar. Döredijilik ykdysadyýetini ösdürmek bilen, Türkmenistan ykdysadyýetini diwersifikasiýa edip, iş orunlaryny döredip we geljekki telekeçiler üçin mümkinçilik döredip biler "- diýip BMGÖM-iň Türkmenistandaky Hemişelik wekili hanym Narine Saakýan belledi. “BMGÖM ýurduň dinamiki we inklýuziw innowasiýa ekoulgamy baradaky garaýşyny goldamagy dowam etdirýär. Hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde Türkmenistanyň döredijilik we innowasiýa ykdysady ösüşi baradaky garaýşyny emele getirmek, syýasat mümkinçiliklerini kesgitlemek we has gülläp ösýän geljege maýa goýumlaryny çekmek üçin platforma bolup hyzmat edýän bu möhüm çäräni geçirýändigimize buýsanýarys."
"Beýik Britaniýanyň bu döredijilikli we innowasiýa ykdysadyýetiniň bu forumyny goldaýandygyna begenýärin. Beýik Britaniýa döredijilikli pudaklaryň ýurduň ykdysadyýetine wajyp goşandyny ykrar edýär"-diýip, Beýik Britaniýanyň Ilçisi Stiwen Konlon belledi. "Bu pudaklar 125 milliard funt sterling umumy goşulan baha emele getirýär we 2,4 million adamy iş ýerleri bilen üpjün edýär. Beýik Britaniýanyň Medeniýet ministriniň belleýşi ýaly, "Kino we modadan saza we mahabata çenli biziň dünýä derejeli döredijilikli pudaklarymyz Britaniýanyň ähli künjeklerinde ykdysadyýetiň ösüşini höweslendirmek boýunça borjuny durmuşa geçirmekde çözüji rol oýnaýar."
Şeýle hem, forumda, medeni mirasy innowasiýa we durnuklylyk bilen birleşdirýän senetçiler, dizaýnerler we ussatlar tarapyndan görkezilen sergi geçirildi. Bu sergide dokma, keramika, zergärçilik we sungat hem senetçilik ýaly adaty we häzirki zaman işleri, şeýle hem häzirki zaman robot sergileri we döredijilik syýahatçylyk taslamalary görkezildi.
Iki gün dowam eden forumyň barşynda gatnaşyjylar maýa goýum çarçuwalaryny berkitmek, sanly başarnyklary ýokarlandyrmak we syýasatçylar bilen döredijilik telekeçileriniň arasynda has ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm teklipleri berdiler. Gyzyklanýan taraplar ykdysady diwersifikasiýa itergi berýän, medeni mirasy gorap saklaýan we Türkmenistanda inklýuziw ösüşi goldaýan dinamiki döredijilik ykdysadyýetini ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.