«Maksatly Türkmen» hojalyk jemgyýeti häzirki zaman we funksional aýratynlykly awtomatiki açylýan pergolalary hödürleýär. Bu gurluşlar rahatlygy we ýaramaz howa şertlerinden goragy üpjün etmek bilen, ajaýyp dizaýny hem-de täze tehnologiýany özünde jemleýär.
Kärhana ýel-tupan ýaly şertlere hem çydamly bolan ýokary hilli pergolalary öndürýär. Pergolalar çydamly materiallardan ýasalyp, onuň tentiniň sintetiki matasy Gün şöhlesiniň täsiri astynda hapalanmaýar we solmaýar. Kärhana islendik stile laýyk gelýän pergolany saýlamaga mümkinçilik berýän matalaryň dürli reňklerini hödürleýär. «Maksatly Türkmeniň» pergolalary diňe bir Günden goragy üpjün etmän, eýsem daşky gurşawy gözelleşdirip, ajaýyp bezeg elementi bolup hyzmat edýär.
Pergolany pult arkaly uzak aralykdan dolandyrmak mümkinçiligi onuň ulanylyşynda aňsatlygy we rahatlygy üpjün edýär. Onuň matasy daşky görnüşini goramak bilen, dürli täsirlerden aýap saklamak üçin niýetlenen ýörite gorag örtügine salynýar. Pergolanyň alýumin direg çarçuwasy suwuň ýygnanmagynyň öňüni alýan we gurluşyň ulanylyş möhletini uzaldýan içerki gurnalan ulgam bilen enjamlaşdyrylandyr.
«Maksatly Türkmeniň» awtomatiki açylýan pergolalary şu maksatlar üçindir:
- hususy jaýlaryň eýwanlary we werandalary
- kafeleriň we restoranlaryň tomusky meýdançalary
- howuzlar we dynç alyş meýdançalary
- we beýleki açyk ýerler.
Habarlaşmak üçin:
- ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi, 28-nji jaý;
- telefon belgileri: 75 41 11, 19 41 11, 59 53 33, 14 53 33;
- sosial media ulgamyndaky sahypasy.
Şeýle-de okaň: