«Apple» kompaniýasy özüniň «AirPods» gulaklyklarynda täze ulgam ornaşdyrýar, ol beýleki dillere dessin terjime eder. Bu barada «Bloomberg» neşirine salgylanýan «rbc.ru» ýazýar.
Täze tehnologiýa bilen 2025-nji ýylyň ahyrynda tanyşdyrylar. Ol keseki goşmaçalary ulanmazdan, beýleki dillerden sözleýşi dessine terjime eder.
Terjime tehnologiýaynyň aýratynlygy ol «iPhoneniň» üsti arkaly amala aşyrylar: enjam sesi tanar, gaýtadan işlär we ulanyjynyň gulaklygynyň üsti bilen terjimäni eşitdirer. Gürrüňdeşiň jogaplary-da terjime edilip, «iPhone» smartfonynyň sesi güýçlendirijisi arkaly eşitdiriler. Enjamyň haýsy dillere terjime etjekdigi heniz belli däl.
Kompaniýa bu enjamlaryny täzeleniş arkaly yzygiderli kämilleşdirýär. Bu gulaklyklaryň täze modelini satyn almazdan, öňdebaryjy tehnologiýalardan peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Mysal üçin, geçen ýyl «AirPods Pro» ikinji nesli eşitdiriş enjamyň mümkinçiligini aldy, onuň kömegi bilen, lukmana ýüz tutmazdan, eşidiş meselelerini anyklap bolýar.