Gyrgyzystanyň Hökümeti döwlet orta bilim berlişiniň täze ölçegini tassyklady, oňa görä, ýurtda on iki ýyllyk orta bilim ulgamy ornaşdyrylar diýip, Hökümetiň metbugat gullugyna salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi.
Täze ulgama laýyklykda, başlangyç umumy bilim hökmünde 1-6-njy synplar, esasy umumy bilim 7-9-njy synplar we orta umumy bilim hökmünde 10-12-nji synplar hasap ediler.
Mekdep okuwçylary 4-nji synpdan başlap, baha alarlar, 12-nji synpy tamamlanlaryndan soňra jemleýji bahalandyrma geçiriler, okuwyň jemleýji ballary we gutardyş synaglar hünärmentçilik okuw edaralaryna giriş synaglarynda saýlanan hünär dersleri boýunça jemi bal hökmünde hasaba alnar.
Häzirki wagtda Gyrgyzystanyň mekdeplerinde 11 ýyl okadylýar.