Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Balkan welaýatynyň ilatyny agyz suw bilen üpjün etmek ýokary derejede amala aşyrylýar

09:0915.03.2025
0
11519
Balkan welaýatynyň ilatyny agyz suw bilen üpjün etmek ýokary derejede amala aşyrylýar
Surat: Türkmenmetbugat

Balkan welaýatynyň agyz suwuna bolan islegini kanagatlandyrmakda Garagum derýasy esasy çeşme bolup durýar. Ol Bereket etrabynyň çägindäki her biriniň göwrümi 1 million kub metre deň bolan iki sany howdana ýygnalyp, Bereket, Türkmenbaşy etraplaryny, Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerini, Hazar şäherçesini hem-de ýol ugry boýunça köp sanly ilatly ýerleri agyz suwy bilen üpjün edýär. Bu işde sebitiň etrap-şäherlerindäki önümçilik düzümlerimiziň 20-ä golaýynyň zähmet toparlary öz öňlerinde goýlan wezipä abraý bilen hötde gelýärler. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalada bellenilýär.

2025-nji ýylyň geçen iki aýynda «Balkanwelaýatagyzsuw» önümçilik birleşiginiň garamagyndaky müdirlikleriň, gulluklaryň, hojalyklaryňdyr desgalaryň hünärmenleriniň tagallalary netijesinde welaýatyň ilatyna ýetirilen arassa agyz suwunyň umumy möçberi 3 million 740 müň kub metre barabar bolup, bu ugurda gelip gowşan sargytlara abraý bilen amal edilipdir.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky her gije-gündizde 35 müň kub metre, Gyýanlydaky 50 müň kub metre, Ekerem şäherçesindäki 5 müň kub metre barabar deňiz suwuny süýjediji desgalaryň, Bereket şäherindäki degişli gullugyň hünärmenleri has-da yhlasly zähmet çekýärler. Bu babatda «Bereketsuwýygnappaýlaýjy» desgalar gullugynyň işgärleri hem tagallalaryny gaýgyrmaýarlar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Balkan welaýatynyň Bereket şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek hakynda» Kararyna laýyklykda, beýleki möhüm çäreler bilen bir hatarda, «Bereketsuwýygnappaýlaýjy» desgalar gullugynyň her biriniň göwrümi 1 million kub metre deň bolan 1-nji we 2-nji suw göterijileriniň durkunyň täzelenmegi bu sebitiň ýaşaýjylarynyň arassa agyz suwy bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmakda wajyp ähmiýetli waka boldy.

Kärhana gije-gündiziň dowamynda ýörite turbageçirijiler arkaly Bereket şäherine we etrabyň obalaryna 20 müň kub metre, Balkanabat şäherine bolsa 100 müň kub metre barabar arassa agyz suwuny akdyrýar. 2023-nji ýylyň awgust aýynyň ahyrynda Bereketden Balkanabada çenli uzynlygy 107 kilometrden gowrak bolan agyz suw geçirijisiniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň tamamlanyp, ulanyşa tabşyrylmagy bu işi göwnejaý alyp barmaga aýgytly täsirini ýetirdi.

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Balkan, Ahal, Mary we Daşoguz welaýatlaryndaky burawlaýjylary geçen ýyllaryň dowamynda Ýasga kölüniň töwereginde bar bolan 49 topbakda guýy gazmak we goşmaça bejeriş-dikeldiş işlerini üstünlikli amala aşyrdylar. Şeýle işler müdirligiň garamagyndaky «Garagyjak», «Baleýşem», «Nebitdag», «Jebel» suw ýataklarynda hem yzygiderli alnyp barylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň