Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Hökümetiň nobatdaky mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garal
Hökümet mejlisinde ilki bilen milli parlamentiň ýolbaşçysyna söz berildi. Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurtda kanunylygy we hukuk tertibini berkitmek, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, kazyýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek, awtomobil ulagy, salgytlar bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň kanunçylyk hukuk esaslaryny berkitmegi dowam etmegiň, kanun çykaryjylyk işini yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi.
Soňra wise-premýerler hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň degişli pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, daşary syýasat, halkara gatnaşyklar, degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.
Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler, halkara gatnaşyklar bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Hökümet mejlisiniň barşynda önümçilik desgalarynyň kadaly ulanylmagyny üpjün etmek maksady bilen, degişli resminama gol çekdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.