Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Gal­ky­nyş» mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar to­pa­ry­ Mary welayatynda çykyş etdi

14:1214.03.2025
0
14038

10 — 12-nji mart ara­ly­gyn­da Mary we­la­ýa­tyn­da­ky «Türk­me­niň ak öýi» bi­na­sy jemi 18 müň ada­my öz goý­nun­da jem­le­di. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.

Bu sapar «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let sir­ki­niň, Ar­ka­dag şä­he­ri­niň Gö­rog­ly adyn­da­ky döw­let at­çy­lyk sir­ki­niň ar­tist­le­ri­niň we «Gal­ky­nyş» mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar to­pa­ry­nyň ez­ber ýi­git­le­ri­niň bi­le­lik­dä­ki çy­kyş­la­ry­ guraldy we ol üç günläp dowam etdi. To­ma­şa­çy­lar gy­zyk­ly we tä­sin oýun­la­ra tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, do­wam­ly el çarp­dy­lar. Bu ýag­daý sah­na­da­ky her bir ar­tis­tiň, şeý­le-de at üs­tün­de dür­li oýun­la­ry gör­kez­ýän us­sat­la­ryň ru­hu­ny gö­te­rip, çy­kyş­la­ryň bi­ri-bi­rin­den has şü­we­leň­li, şow­hun­ly bolmagyna ýardam ber­di.

«Gal­ky­nyş» mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar to­pa­ry­ Mur­gap jül­ge­sin­de bol­ma­gy­nyň çäk­le­rin­de gün­de iki ge­zek tomaşaçylaryň öňünde çykyş etdiler. Ak­ro­ba­ti­ka, žangl­ýor oýun­la­ry, de­giş­me sah­na­la­ry, be­dew­li çy­kyş­lar to­ma­şa­çy­la­ra ru­hy lez­zet ber­di. At üs­tün­dä­ki mil­li oýun­lar, çyl­şy­rym­ly til­sim­ler, geň-ena­ýy emel­ler, ça­pyp bar­ýan be­de­wiň üs­tün­de dik dur­mak, onuň aşa­gyn­dan geç­mek, go­şa atyň üs­tün­de mi­na­ra şekilini emele getirmek ýaly çykyşlar görenleri haýran galdyrdy. Sah­na çy­ka­ryl­ýan aý­ry-aý­ry be­dew­le­riň gör­ke­zen oýun­la­ry, sa­za go­şu­p tans et­me­gi, çar­pa­ýa ga­lyp ýö­re­me­gi hiç bir to­ma­şa­çy­ny bi­parh goý­ma­dy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň