Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy türkmenistanlylary Oraza aýy mynasybetli gutlady

12:0413.03.2025
0
4084

Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Alhaj Molla Mohammad Hasan Ahund Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Oraza aýy mynasybetli gutlag hatlaryny iberdi.

Türkmenistanyň merkezi metbugat neşirlerinde çap edilen gutlag hatlarynda Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Alhaj Molla Mohammad Hasan Ahund Prezident Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine ýüzlenmek bilen:

— Mukaddes Remezan aýy mynasybetli Owganystanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan Sizi hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn. Remezan aýy raýdaşlyga, rehimdarlyga we agzybirlige, birek-biregi goldamaga çagyrýar. Bu mübärek aý dost-doganlygy pugtalandyrmak üçin ajaýyp pursatdyr. Gudraty Güýçli Beýik Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, rowaçlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa abadançylyk hem-de bagtyýarlyk dileýärin — diýip ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň