Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Köp çagaly şweýsariýaly maşgala 25 ýyl bäri ýelkenli gaýykda syýahat edýär

09:0313.03.2025
0
4645
Köp çagaly şweýsariýaly maşgala 25 ýyl bäri ýelkenli gaýykda syýahat edýär
Surat: Gazeta.ru

Alty çagaly şweýsariýaly maşgala ýelkenli gaýykda ýaşaýar. «Arzuwçyllar» atly ekologik taslamanyň çäklerinde olar 25 ýyl bäri deňiz giňişliklerinde syýahat edýärler diýip, «Blick» žurnalyna salgylanýan «rg.ru» ýazýar.

56 ýaşly Dario Şweber aýaly Sabina bilen ekologik maksatnamanyň çäklerinde geljek nesli howanyň üýtgemegine garşy göreşe ruhlandyrmak üçin uzak syýahata çykdylar. Darionyň sözlerine görä, onuň alty çagasy ummanyň jümmüşindäki 20 inedördül metrlik ýerde ösüp-ulalýarlar. Ol munuň dar we howply däl-de, azatlyk we howpsuzlykdygyny nygtaýar. «Gözýetim diwarlar, asman üçek» diýip, ol gürrüň berýär.

Maşgala birnäçe aý deňizde ýüzenlerinden soňra, portda labyr taşlaýarlar. Olar gury ýerdekäler, pyýada, welosipedde ýa-da lyžada syýahat edýärler. Dario gid, Sabina şepagat uýasy bolup işleýär.

Bu täsin maşgala barada öz Watanynda dokumental film hem surata düşürdiler. Onda maşgalanyň her agzasynyň öz borjunyň bardygy gürrüň berilýär. Mysal üçin, uly gyzlary 19 ýaşly Sabina kapitan köprüjiginde durup, gözýetime seredýär. 15 ýaşly Noel bolsa, beýleki gämilere radiohabarlary ýollaýar. Noeli çaga sesi üçin beýleki gämilerdäkiler çynlakaý kabul edip durmaýarlar, şonda kömege onuň kakasy ýetişýär.

Deňizde ilkinji nobatda agzybirlik we jebislik gerek. Adatdan daşary ýagdaý döräýse, agzybir hereket etmeli, şonda agzalalyga ýol galmaýar. Maşgalada berk düzgün bar: her agşam hemmeler birek-birek bilen ýaraşýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň