Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň DIM-inde Belarus Respublikasynyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

21:0711.03.2025
0
18907
Türkmenistanyň DIM-inde Belarus Respublikasynyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Surat: mfa.gov.by

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stanislaw Çepurnoýyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-belarus gatnaşyklarynyň ikitaraplaýyn görnüşde, sebitleýin we halkara düzümleriň, hususan-da, BMG-niň we GDA-nyň çäklerinde hem netijelili häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler.

Türkmenistanyň DIM-iniň resmi saýtynda berilýän habara görä, diplomatlar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmaga iki ýurduň hem ygrarlydygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar ylym-bilim, medeniýet we sungat ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň