Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

ÝÇL-iň 1/8 finalynyň deslapky oýunlary: «Liwerpul» myhmançylykda PSŽ-ni ýeňdi

13:3606.03.2025
0
17917

Ýewropa çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň ýene 4 sany jübütinde deslapky oýunlar oýnaldy.

Günüň esasy gapma-garşylygynda «Liwerpul» Parižde PSŽ-niň myhmany boldy. Duşuşyk ýer eýeleriniň doly artykmaçlygynda geçen hem bolsa, «Liwerpul» Elliotyň 87-nji minutdaky goly bilen ýeňiş gazanmagy başardy.

Şeýle-de düýn geçirilen oýunlarda «Bawariýa» öz öýünde «Baýeri» 3:0 hasabynda, «Barselona» myhmançylykda «Benfikany» 1:0 hasabynda, «Inter» bolsa myhmançylykda «Feýenordy» 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Bu jübütleriň arasyndaky jogap oýunlary 11-nji martda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň