Daşoguz şäherindäki «Serdar» pagta egriji kärhanasynda 2025-nji ýylyň iki aýynda 2,7 million manatlykdan gowrak ýokary hilli ýüplük öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini üpjün edildi.
Türkmen metbugatynda berilýän habara görä, degişli döwrüde bu ýerde dürli görnüşli ýüplükleriň, dokma serişdelerinden alnan pamyk we pamyk önümleriniň öndürilişi hem ep-esli artdy. Fabrikde öndürilýän önümleriň hili hemişe gözegçilikde saklanylýar. Bu ýerde ornaşdyrylan kämil ölçeg enjamlary işi anyk hem dürs berjaý etmäge mümkinçilik berýär.
Şeýle enjamlar arkaly pagta süýüminiň uzynlygy, reňki, arassaçylyk derejesi we çyglylygy ölçenilýär. Bu bolsa önümleriň hiliniň ýokarlanmagyny, olaryň halkara ölçeglere laýyk gelmegini üpjün edýär diýlip, habarda bellenilýär.