Anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurtda aragatnaşyk pudagyny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar.
Hasabatda bellenilişi ýaly, ýurtdan üstaşyr ýokary hilli we tizlikli maglumat akymlaryny geçirmäge amatly şertleriň bardygyny göz öňünde tutup, Türkmenistan bilen goňşy döwletleriň arasynda maglumat geçirijilik birikmeleriniň sanyny we maglumat geçirijilik tizligini artdyrmagyň, aragatnaşyk geçirijiligi goşmaça ätiýaçlandyrmagyň mümkinçilikleri öwrenildi. Bu babatda degişli işleriň geçirilmegi Türkmenistanyň Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda möhüm üstaşyr maglumat geçiriji ýurt hökmünde ornuny has-da berkitmäge ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklipler hödürlenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurtda optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy.
Döwlet Baştutany Türkmenistanyň dürli künjeklerinde ýerleşýän maglumat geçiriş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak hem-de goşmaça maglumat geçiriş beketlerini gurnamak barada taýýarlanylan teklipleri makullap, agentligiň ýolbaşçysyna degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.