Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Halkara zenanlar güni mynasybetli, köp çagaly maşgalalara täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşurylar

10:5101.03.2025
0
14951
Halkara zenanlar güni mynasybetli, köp çagaly maşgalalara täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşurylar
Surat: Türkmenistan: Altyn Asyr

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli mart aýynyň başynda ýurduň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde baýramçylyk konsertlerini, dürli maslahatlary, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny, aýdym-sazly dabaralary, sport ýaryşlaryny, wagyz-nesihat çärelerini geçirmek, yglan edilen bäsleşikleriň jemini jemlemek meýilleşdirilýär.

7-nji martda Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adyna eýe bolan zenanlara hormatly adyň nyşanynyň we şahadatnamasynyň gowşurylyş dabarasyny, bu hormatly ady alan, sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren hem-de terbiýeläp ýetişdiren zenanlara, köp çagaly maşgalalara ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylyş dabarasyny hem-de şol gün Mukamlar köşgünde baýramçylyk konsertini guramak göz öňünde tutulýar. 8-nji martda bolsa Söwda-senagat edarasynda aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär. TDH-niň habar berşi ýaly, bular barada 28-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Seýidowa hasabat berdi we döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurduň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde baýramçylyk çärelerini guramaçylykly geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyny nygtap, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň