Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Täze zelandiýaly jahankeşdä Trewi suw çüwdürimine barmak ömürlik gadagan edildi

18:1528.02.2025
0
18462
Täze zelandiýaly jahankeşdä Trewi suw çüwdürimine barmak ömürlik gadagan edildi
Surat: RBK Life

Täze Zelandiýadan bolan jahankeşdä Rimdäki Trewi suw çüwdürimine golaýlamagy ömürlik gadagan etdiler. Sebäbi ol Federiko Fellininiň «Süýji durmuş» filminiň gahrymanlary ýaly, onuň okarasynda suwa düşmekçi boldy diýip, CNN teleýaýlymyna salgylanýan «rbc.ru» gürrüň berýär.

Waka geçen ýekşenbe agşamy boldy. Üç sany jahankeşde Trewi çüwdüriminde suwa düşmekçi boldy. Polisiýa olary saklady, emma syýahatçylaryň biri, 30 ýaşly erkek kişi poliseýlerden gaçyp, özüni suwa oklady. Polisiýanyň wekili jahankeşdäniň şol wagt serhoşdygyny habar berdi. Düzgüni bozandygy üçin jahankeşdä 500 ýewro jerime saldylar hem-de çüwdürime golaýlaşmagy ömürlik gadagan etdiler.

Rimiň häkimiýetleriň maglumatlaryna laýyklykda, Trewi suw çüwdürimine girmek ýa-da oňa nämedir bir zatlary taşlamak isländikleri üçin her ýyl onlarça jahankeşdä jerime salynýar, emma şeýle ýagdaýlaryň öňüni doly almak heniz hem başardanok.

Trewi suw çüwdürimi Rimiň iň meşhur ýerleriniň biridir.Onuň binagär Nikola Salwi tarapyndan düzülen taslamasynyň gurluşygy 1762-nji ýylda tamamlandy. Ol Rimiň merkezinde, üç ýoluň birleşýän ýerinde ýerleşmek bilen, onuň «tre vie» diýen ady «üç ýol» diýmegi aňladýar.

Rowaýata görä, çüwdürime egniňden aşyryp, bir teňňe oklasaň, Rime hökman ýene gaýdyp gelýärsiň, iki teňňe tiz wagtda aşyk boljakdygyňy, üç teňňe hökman toý tutjakdygyňy wada berýär.

Her ýyl suw çüwdüriminde 1,5 mln ýewro toplanýar. Ol pullar «Caritas» haýyr-sahawat guramasyna geçirilýär. 2023-nji ýylda jahankeşdeler Trewi çüwdüriminde 1,6 mln ýewro galdyrdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň