«Universal» studiýasy «Şrek 5» multfilminiň kinoteatrlara çykjakdygyny yglan etdi. Onuň birinji tizeri «Youtube» ýaýlymynda peýda boldy diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.
Rolikde awtorlar Şregiň ýetişen gyzynyň keşbini meşhur aktrisa Zendeýanyň seslendirjekdigini habar berdiler. «Şrek 5» multfilminiň ilkinji görkezilişi 2026-njy ýylyň dekabryna meýilleşdirilýär.
Şrek atly bedroý jandar we onuň ýaňra dosty Eşek baradakt multfilmiň ilkinji bölümi 2001-nji ýylda uly ekranlara çykdy. Ol iň köp tomaşa edilen film boldy, şeýle hem iň gowy doly göwrümli animasion film ugry boýunça «Oskar» baýragyny aldy. Ondan soňra filmiň ýene üç bölümi tomaşaçylara ýetirildi.
«Şrek 5» multfilmini «DreamWorks Animation» studiýasynyň 25 ýyllygyna gabatlap ekranlara çykarmakçy bolýarlar.