Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Soňky 10 ýylda dünýäde uçar hadysalary iki esse azaldy

14:4228.02.2025
0
24202
Soňky 10 ýylda dünýäde uçar hadysalary iki esse azaldy
Surat: BBC

Dünýäde awiasiýa hadysalarynyň azalandygy hasaba alyndy, ýagny on ýyl mundan öň bäş ýyl (2011-2015) üçin ortaça görkeziji 456 sany gatnawa bir uçar heläkçiligini düzen bolsa, bu gün bäş ýyl üçin (2020-2024) 810 uçuşa bir awiaheläkçilik hasaba alyndy. Bu barada Ženewadaky Howa ulaglarynyň halkara assosiasiýasynyň (IATA) hasabatynda aýdylýar diýip, «rg.ru» ýazýar.

Guramanyň baş direktory Willi Uolşuň sözlerine görä, 2024-nji ýylda 880 gatnawda diňe bir heläkçilik hasaba alyndy. Bu million gatnawa 1,13 heläkçilik görkezijä deňdir. Bir ýyl mundan öň ol 1,09 görkezijidi. Mysal üçin, geçen ýylda dünýäde 40,6 million uçuş bolup, 46 sany, şol sanda 224 ölüme getiren ýedi sany betbagtçylykly hadysa boldy.

Germaniýanyň howa ulaglary federal bileleşiginde (BDL) welin, başga maglumatlary getirýärler. Ýagny geçen ýylda tutuş dünýäde awiasion hadysalarda 334 adam gurban boldy. Bu gurama öz hasabatyna ýerdäki ýitgileri we gapma-garşylyklaryň etraplaryndaky atyşyklary goşmaýar.

Bellemeli ýagdaýlaryň biri-de, geçen ýylda öňki Sowet Soýuzynyň çäginde bolan ýurtlaryň hiç birinde hem ýekeje-de awiasion hadysa hasaba alynmady. Betbagtçylykly uçar hadysalary aýratyn hem Afrikada köp boldy (görkeziji 10,59). Ýewropa million gatnawa 1,02 hadysa hasaby bilen düzülen bu sanawda ortada ýerleşdi diýip, «Kronen Zeitung» gazeti ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň