27-nji fewralda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Halkara Zähmet Guramasynyň Baş direktorynyň kömekçisi, bu guramanyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin Býurosynyň direktory Beata Andres bilen duşuşygy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň metbugat gullugy habar berýär.
Bellenilişi ýaly, duşuşykda hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, onuň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlarynyň ähmiýeti barada pikir alşyldy.
Taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň düzüm birlikleriniň arasyndaky köptaraplaýyn häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmegiň, geljekde Türkmenistan bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy köptaraplaýyn gatnaşyklarda işjeňleşdirmegiň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Söhbetdeşlikde geçen ýylda tassyklanylan Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça çäreleriň 2024-2025-nji ýyllar üçin "ýol kartasynyň" çäklerinde ýerine ýetirilen işleriň ähmiýetine üns berildi. Şonda milli kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmekde halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmek maksady bilen, 2024-nji ýylda «Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilendigi bellenildi.
Bulardan başga-da, Halkara Zähmet Guramasynyň konwensiýalaryna goşulmak arkaly şertnama-hukuk binýady berkitmek, tejribe alyşmak, durmuş ulgamy boýunça hyzmatdaşlar bilen yzygiderli duşuşyklary, gepleşikleri guramak barada pikir alşyldy we gurama tarapyndan geçirilýän çärelere gatnaşmagyň, alnyp barylýan işleriň has-da netijeli bolmagynda tagallalary birleşdirmegiň möhümdigi bellenildi.
Taraplar her bir döwletde adam hukuklarynyň üpjün edilmeginde, şeýle hem adam hukuklary babatda borçnamalaryň we ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmeginde halkara guramalar bilen alnyp barylýan ýakyn hyzmatdaşlyga uly ornuň degişlidigini kanagatlanma bilen bellediler. Bu ugurda «Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasy», «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasy» we «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 – 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasy» esasynda işleriň durmuşa geçirilýändigi bellenildi.
Duşuşygyň çäklerinde Halkara Zähmet Guramasynyň wekilleri türkmen tarapynyň bu ugurdaky işleriniň netijelerine ýokary baha berip, ýakyn geljek üçin hyzmatdaşlyga bolan garaýyşlaryny beýan etdiler.