Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Arýa Kids» kir ýuwujy serişdesi: tegmilleri göwnejaý aýyrmak üçin

10:3728.02.2025
0
17495

Hojalyk himiýa serişdelerini öndüriji «Türkmen Berk-Metal» türkmen kompaniýasy çagalaryň egin-eşiklerine ideg etmek üçin ýörite işlenip taýýarlanylan «Arýa Kids» kir ýuwujy serişdesini hödürleýär.

Bu önüm çagalarda allergiki täsirlilik howpuny görnetin azaldýan gipoallergen formulasy bilen tapawutlanýar. Şol bir wagtyň özünde, kir ýuwujy serişde matalaryň özboluşly gurluşyny we reňkini saklaýar, şeýle hem nahardan we otdan degen çylşyrymly tegmilleri netijeli aýyrýar.

«Arýa Kids» serişdesiniň tämizlik duýgusyny berýän hoşboý ysy bar. Çagalaryň eşiklerini geýen mahaly özlerini has rahat duýmagy üçin bu serişdeleriň önümçiliginde diňe ygtybarly atyrlary ulanýarys» diýip, «Türkmen Berk-Metal» kompaniýasynyň wekili belleýär.

«Arýa Kids» kir ýuwujy serişdelerini şäheriňizdäki islendik dükandan satyn alyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin:

  • ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi, 56-njy jaý;
  • telefon belgileri: (+993 12) 59 51 92, (+993 64) 32 46 89, (+993 12) 76 18 60;
  • web saýty: turkmenberk-metal.com;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy;
  • elektron poçtasynyň salgysy: tberkmetal@gmail.com.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň