Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hytaýly garry eneler «EA-agtyklary» hakykydyr öýdýärler

10:1628.02.2025
0
13675
Hytaýly garry eneler «EA-agtyklary» hakykydyr öýdýärler
Surat: Gazeta.ru

Hytaýda gartaşan zenanlar emeli aň tarapyndan şekillendirilen körpeleriň toslamadygyna ynanyp bilmeýärler diýip, «South China Morning Post» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

Birenaýyja çagalaryň tagam taýýarlaýan, tans edýän hem-de beýleki gündelik işler bilen meşgullanýan wideorolikleri Hytaý Täze ýylynyň öňýanynda ýurduň sosial ulgamlaryny eýeledi. Olar aýratyn hem uly ýaşly nesliň arasynda meşhurlyk gazandy.

Indi gartaşan zenanlar emeli aň tarapyndan generirlenen şekillere haýran galmak bilen tomaşa edýärler, olar ýakynlarynyň ol çagalaryň EA tarapyndan döredilendigi baradaky sözlerine ynanmaýarlar. Garry eneler muny eşidip, öýkeleýärler, sebäbi olaryň wideodaky çagalaryň hakyky däldigine ynanaslary gelmeýär.

Hytaýly internet ulanyjylar bu täze güýmenjäni zelelsiz hasaplaýarlar. Köpleriň pikirine görä, şeýle wideoşekiller ýeke ýaşaýan garrylara teselli berýär, ruhy taýdan goldaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň