Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Afrikaly 16 aýalynyň, 104 oglunyň we 144 agtygynyň atlaryny ýatda saklap bilmeýändigini gürrüň berýär

18:0927.02.2025
0
27263
Afrikaly 16 aýalynyň, 104 oglunyň we 144 agtygynyň atlaryny ýatda saklap bilmeýändigini gürrüň berýär
Surat: Gazeta.ru

16 aýally, 104 ogully we 144 agtykly afrikaly erkek kişi olaryň hemmesiniň atlaryny ýatda saklap bilmeýändigini boýun alýar diýip, «Oddity Central» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» gürrüň berýär.

Tanzaniýadaky kiçeňräk obada ýaşaýan Ernesto Muinuçi Kapinga çakdanaşa uly maşgalanyň başy. Onuň 16 sany aýaly, 100-den gowrak ogly hem-de 144 sany agtygy bar. Ernestonyň mülki özbaşyna oba meňzeýär. Sebäbi onuň her aýalynyň bu ýerde özbaşdak öýi, hojalygy bar, ogullarydyr agtyklary öz ejelerine hojalyk işlerinde kömek edýärler.

Kapinga 1961-nji ýylda başdaş aýalyna öýlendi. Emma kakasynyň neberäniň syrgynyny uzaltmak barada wesýeti sebäpli, ol ýene birnäçe aýal almaly boldy. Wagt geçdigiçe, aýallarynyň sany 20-den agdy, emma olaryň birnäçesi Kapingany terk etdiler. Soňky alan aýallary onuň abraýy hem mähirli gatnaşygy üçin nikalaşmaga razy bolandyklaryny gürrüň berýärler. Olar oňşukly, birek-birege göriplik etmän ýaşaýarlar, her bir zenanyň öz borjy, özbaşyna öýi bar.

«Bärde her kimiň öz orny bar, biz bilelikde oba hojalyk bilen meşgullanýarys. Bile iýip-içýäris, işleýäris. Bu ulgam, özem ol saz işleýär» diýip, maşgalabaşy göwnühoş gürrüň berýär.

Maşgala daýhançylygyň arkasyndan oňat güzeran dolandyrýar, olar mekgejöwen, kösüklileri, manikou we banan ýetişdirýärler. Artyk hasyly-da satýarlar. Maşgalanyň şeýle uludygyna garamazdan, aýallaryň arasynda oňşuksyzlyk seýrek bolýar. Eger olar ylalaşyp bilmeseler, Kapingadan maslahat soraýarlar. Ol bolsa, hiç kimiň tarapyny çalmazdan, adalatly bolmaga jan edýär.

Emma afrikaly bir zady boýun alýar, oňa çagalarynyň we agtyklarynyň hemmesini atba-at tanamak kyn düşýär. Maşgalabaşy olaryň diňe 50-siniň atlaryny bilýär, galanlaryny-da ýüzlerinden tanaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň