Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Maşa we aýy» atly rus multfilminiň yslam dünýäsinde meşhurlygynyň sebäbi belli boldy

17:3127.02.2025
0
22007
«Maşa we aýy» atly rus multfilminiň yslam dünýäsinde meşhurlygynyň sebäbi belli boldy
Surat: Kino.mail.ru

Russiýanyň Medeniýet ministrliginiň ýolbaşçysy Olga Lýubimowa «Maşa we aýy» multfilminiň yslam ýurtlarynda meşhurlygynyň syryny paýlaşdy. Lýubimowanyň sözlerine görä, munuň sebäbi baş gahryman Maşa atly gyzjagazyň daş keşbidir. Bu barada «kino.mail.ru» ýazýar.

«Däp bolup gelýän gymmatlyklar barada aýtsak, multfilmiň baş gahrymany Maşajygyň başy ýaglyklydyr, egni uzyn köýneklidir. Bu yslam dünýäsinde oňyn seslenme döredýär» diýip, ýolbaşçy nygtady.

Kiçijik gyzjagaz bilen äpet aýynyň gatnaşyklary baradaky gyzykly taryhda bolsa, durmuşda ataly-gyzyň gatnaşyklaryny duýsa bolar. Hut şonuň üçin hem bu multfilm italiýaly, serbiýaly, arap we türk kakalaryň ýüreklerini awlady diýip, Lýubimowa sözüniň üstüni ýetirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň