Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ärdogan Türkmenistanda geçiriljek halkara foruma çagyryldy

16:5827.02.2025
0
18052
Ärdogan Türkmenistanda geçiriljek halkara foruma çagyryldy
Surat: Son Dakika

Ozal habar berşimiz ýaly, Ankarada saparda bolmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan tarapyndan kabul edildi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy dostlukly ýurduň Baştutanyna Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Halk Maslahatynyň Başlygynyň salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle-de doganlyk döwletiň Prezidentine Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda döwlet Baştutanlarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçiriljek halkara foruma gatnaşmak üçin türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyndan çakylyk haty gowşuryldy. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Türkiýe Respublikasynyň Baştutany öňde boljak foruma gatnaşmaga iberilen çakylyk üçin Gahryman Arkadaga we hormatly Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Rejep Taýyp Ärdogan Türkiýäniň Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamasynyň kabul edilmegini goldandygyny buýsanç bilen nygtady. Ol 70 ýaş toýy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen adynyň dakylmagynyň özi üçin uly hormat bolandygyny we ony iki halkyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň nyşany hökmünde kabul edendigini aýtdy.

Duşuşykda türkmen tebigy gazynyň “swap” usuly arkaly Eýranyň üsti bilen Türkiýä iberilmegi üçin ylalaşygyň gazanylandygy nygtaldy. Mundan başga-da, dostlukly ýurduň Baştutany Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine uly hormat goýýandygyny, onuň Türki Döwletleriň Guramasyna agza bolmagyna garaşýandygyny belledi.

Dostlukly we oňyn ýagdaýda geçen duşuşygyň ahyrynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyndan Türkmenistanyň Prezidentine we Halk Maslahatynyň Başlygyna doganlyk salamyny hem-de Türkmenistana we onuň halkyna abadançylyk, rowaçlyk, gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny ýetirmegini haýyş etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň