2023-nji ýylda bolan ýertitremede öýüni ýitiren türk eýýäm iki ýyl bäri kiçeňräk gowakda ýaşaýar hem-de ony iň howpsuz ýer hasaplaýar. Bu barada «Oddity Central» neşirine salgylanýan «mail.ru» gürrüň berýär.
2023-nji ýylyň fewralynda Türkiýäniň günortasynda bolan güýçli ýer yranmasy on müňlerçe adamyň ömür tanapyny kesdi hem-de giden etraplary harabalyga öwürdi. Ali Bozoglan şonda maşgalasy bilen öýüni ýitirdi, hernä aýaly we üç çagasy diri galdy. Emma erkek kişi gaty gorkdy hem-de şondan soňra hiç haçan adamlar tarapyndan gurlan öýlerde ýaşamajakdygyna äht etdi.
Ali daga gidip, kiçeňräk gowak tapdy, ýöne onuň maşgalasy göçmek islemedi, onsoň Aliniň özi gowaga göçüp bardy. Ol rahatlanandygyny we gowakda ýaşaýandygyna birjigem ökünmeýändigini aýdýar.
Welaýatyň häkimligi şähere golaý ýerden konteýner-öý teklip etse-de, erkek kişi şäheriň gohundan uzakda ýaşamagy, ümsümligi halaýandygyny aýdyp, teklipden ýüz öwürdi. «Nadan adamlar meniň ýaşaýşymy ýaňsylan bolýarlar, sebäbi olar meniň bilen söhbetdeş bolup görenoklar, meni tananoklar» diýip, ol gürrüň berýär.
Ali gowakda ýeke ýaşamagyň o diýen hezillik däldigini-de boýun alýar, sebäbi gowak gyşyna ýyly, tomsuna-da salkyn däl. Gowaga ýylanlardyr gemrijiler hem kän gelýär, emma ol muňa-da öwrenişipdir. Ali Bozoglan gowagynda Gün panellerini oturtmak isleýär, ol şeýtse, kir ýuwujy enjamy we sowadyjy hem ulanyp biler. Bu başa barmasa-da, ol barybir gowagy terk etmekçi däl.