«Berkarar» söwda-dynç alyş merkezinde «Port Marmelandiýa» torunyň üçünji dükany açyldy. Köpden bäri garaşylýan bu pursat süýjülikleri halaýanlar we ajaýyp tagamyň aşyklary üçin hakyky baýramçylyga öwrüldi.
SDAM-yň 0-njy gatynda ýerleşýän täze «Port Marmelandiýa» dükany diňe bir söwda nokady hem bolman, eýsem süýji tagamyň hakyky bagt adajygydyr. Bu ýere gelýän müşderiler dünýäniň iň gowy haryt nyşanly önümlerinden datmak bilen, ýokary hilli we özboluşly tagamlary kepillendirýän marmelad dünýäsine aralaşarlar. Dükandaky her bir önüm müşderilere tebigy, datly we ýakymly tagamlary hödürläp, ýörite sertifikatlaşdyrylandyr we Halal standartlaryna laýyk gelýändir.
Onsoňam, «Port Marmelandiýa» — bu diňe bir marmelad hem däldir. Bu ýerde hakyky gurmanlar üçin iň oňat premium hytaý çaýlarynyň özboluşly görnüşleri hödürlenýär. Çaýlaryň Seýlonyň kenaryndan getirilen elita sortlary çaý içmekden lezzet almaga we çaý medeniýetiniň täze dünýäsini açmaga mümkinçilik berýän gadymy çaý sungatynyň tagamlaryny we hoşboý yslaryny açyp görkezýär.
Täze dükanyň ýene bir aýratynlygy bu ýerde interýere bezeg berjek ýa-da adaty bolmadyk sowgat bolup biljek deňiz temasyndaky ýadygärlikleriň we sowgatlyk önümleriň bolmagydyr.
Ähli maşgalaňyz bolup geliň! «Port Marmelandiýa» — Siziň «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezindäki täze iň halaýan süýjüler we sowgatlyklar dükanyňyz.
Habarlaşmak üçin:
- Ýerleşýän salgysy: «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezi;
- telefon belgileri: (+993 71) 38 00 71, (+993 65) 40 10 99;
- sosial media ulgamyndaky sahypasy.