Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ilon Mask supermilliarderleriň başyny çekdi

13:0127.02.2025
0
17237
Ilon Mask supermilliarderleriň başyny çekdi
Surat: MIR 24

Amerikaly telekeçi Ilon Masky dünýäde iň baý adam diýip yglan etdiler. Ol golaýda supermilliarderleriň sanawynyň başyny çekdi. Sanawa 20-den gowrak adam girdi diýip, «Wall Street Journal» neşirine salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

Bilermenler Maskyň emläginiň 2025-nji ýylyň fewralynda 419,4 mlrd dollara ýetendigini aýdýarlar. Ilkinji üçlüge Amerikadaky onlaýn-riteýleri esaslandyryjy Jeff Bezos (263,8 mlrd dollar) we kaşaň harytlary öndüriji fransuz öýüniň eýesi Bernar Arno (238,9 mlrd dollar) girdiler.

Häzirki wagtda dünýäniň 24 sany iň baý adamynyň emlägi 3,3 trln dollar bahalanýar, olaryň 16-synyň emlägi 100 mlrd dollardan geçýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň