Soňky 50 ýylda dünýäde adatdan daşary howa ýagdaýlarynyň sany 400 göterim köpeldi. Bu barada Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) habar berdi diýip, «aa.com.tr» portaly habar berdi.
Gurama ýagdaý bilen baglylykda, halkara jemgyýetçiligini howa kynçylyklaryna we onuň adamyň saglygyna edýän ýaramaz täsirine garşy bilelikdäki göreşe çagyrdy.