Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen parlamentarileri Türkiýäniň ilkinji Prezidentiniň aramgähine gül goýdular

17:0226.02.2025
0
30645
Türkmen parlamentarileri Türkiýäniň ilkinji Prezidentiniň aramgähine gül goýdular
Surat: Türkmenistanyň Mejlisi

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Türkiýede saparda bolýar.

25-nji fewralda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti meýilnama laýyklykda guralan medeni çäreleriň çäginde Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň ilkinji binasyna we muzeýine, Ankara galasyna, Ankara şäherindäki «Hamamönü» atly gadymy şäherçä aýlanyp gördüler. Şeýle hem türkmen parlamentarileri Türkiýe Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Mustafa Kemal Atatürküň hormatyna «Anytkabyr» aramgähine gül goýmak çäresine gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda habar berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň