Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

ÝB-niň baş diplomaty Aşgabada geler

14:0726.02.2025
0
19275

Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we syýasy howpsuzlyk boýunça Ýokary wekili, Ýewropa komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallas mart aýynda Aşgabada sapar bilen geler.

Saparyň maksady «Ýewropa Bilelşigi — Merkezi Aziýa» formatyndaky ministrler maslahatyna gatnaşmakdan ybarat. Bu barada ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Ýeri gelende bellesek, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleriniň 20-nji maslahaty 4-nji martda Aşgabatda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň