Gruziýadaky güýçli gar sebäpli, ulaglaryň hereketinde bökdençlikler döredi, mekdepler we çagalar baglary ýapyldy diýip, «Belta.by» portaly habar berdi.
Şeýle hem Tbilisi bilen Ajariýany birleşdirýän merkezi awtoulag ýolunda hereket kynlaşdy. Käbir demir ýol gatnawlary ýatyryldy.
Ajariýanyň daglarynda bir ýarym metr galyň gar hasaba alyndy. Uzakdaky obalara barmak kynlaşdy. Işçiler ýollary gardan arassalaýarlar, sim geçirijileri abatlaýarlar. Obalarda tebigy gaz, internet aragatnaşygy ýok.
Galyň gara tap getirip bilmän ýaşaýyş öýleriniň birnäçesiniň ýykylandygy habar berilýär. Sürüjilere uzak ýola gitmek maslahat berilmeýär.
Batumide, Kobuletide we beýleki ilatly ýerlerde gar sebäpli mekdepleri we çagalar baglaryny wagtlaýyn ýapmak kararyna gelindi. Olar şu gün – 26-njy fewralda hem işlemez. Mundan beýläk bu ugurdaky çözgütler howanyň ýagdaýyna görä kabul ediler.
Bulaşyk howa Hökümetiň ýygnagynda hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Gruziýanyň Hökümet başlygy Irakliý Kobahidze gysga wagtda gazyň we elektrik togunyň berlişini dikeltmegi tabşyrdy.