Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Alymlar Aýyň haçan gatandygyny anykladylar

18:1325.02.2025
0
19966
Alymlar Aýyň haçan gatandygyny anykladylar
Surat: Gazeta.ru

Çikago uniwersitetiniň alymlary Aýyň mundan 4,43 milliard ýyl öň gutarnykly gaty hala gelendigini, munuň Ýeriň ýaşamak üçin ýaramly bolan döwri bilen gabat gelýändigini anykladylar. Bu «Apollo» uçuşlary wagtynda getirilen Aý topragyny öwrenmek netijesinde anyklandy. Bu barada «Universe Today» (UT) portalyna salgylanýan «Gazeta.ru» gürrüň berýär.

Ýeriň hemrasy (Aý) Mars bilen deň göwrümde bolan ýaş planeta bilen çaknyşandan soňra emele gelipdir. Bu hadysa netijesinde, ilkibaşda ýanýan şar bolan Aý kem-kem sowap, gatap ugrapdyr.

Aýdan getirilen nusgalar alymlara onuň jynslarynyň aýratyn gatlagynyň (KREEP, ýagny kaliý, seýrek ýer metallary we fosfor) emele gelen pursadyny anyklamaga mümkinçilik berdi. KREEP Gün ulgamy emele gelenden 140 million ýyl soň, ýagny mundan 4,43 milliard ýyl öň peýda bolupdyr. Bu açyş Aýdaky özgerişler bilen Ýeriň irki ösüşiniň arasyndaky arabaglanyşygy tassyklaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň