«Shuntian Chemical Group» hytaý kompaniýasy işgärlerine eger 2025-nji ýylyň sentýabryna çenli nikadan geçmeseler, işden boşatjakdygy barada habar berdi. Bu barada «South China Morning Post» (SCMP) neşirine salgylanýan «rbc.ru» ýazýar.
Görkezilen möhlete çenli firmadaky ähli sallahlar we aýrylyşanlar özlerine ýar tapmaly bolarlar. Marta çenli öýlenmäge ýetişmedikler bolsa, özlerini tankyt edip, hat ýazmaly bolarlar. Eger olar-da iýuna çenli öýlenmeseler ýa-da zenanlar durmuşa çykmasalar, kompaniýa ýeke ýaşaýanlary sentýabrda işden boşadar.
Bu karar 28-58 ýaş aralygyndakylara degişlidir. Kompaniýada 1200 adam işleýär. 2001-nji ýylda esaslandyrylan firma Linýi okrugynyň iň oňat kärhanalarynyň 50-ligine girýär.
Pekin uniwersitetiniň hukuk fakultetiniň dosenti Ýan Týanyň sözlerine görä, şeýle düzgünler ýurduň Konstitusiýasyna ters gelýär.