2025-nji ýylyň 1-nji ýanwar ýagdaýyna görä, Türkmenistanyň karz edaralarynyň kärhanalara, guramalara we ilata milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň umumy möçberi 92 milliard 135,71 million manada ýetdi. Deňeşdirmek üçin 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwar ýagdaýynda bu möçber 89 milliard 102,220 million manada deň bolupdy.
Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň çap eden «Bank habarlary» atly elektron žurnalynda berlen habara görä, 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwar ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 52 milliard 128 million manada (2024-nji ýylyň 1-nji ýanwar ýagdaýynda 55 milliard 008 million manat) deň boldy.
Şol bir wagtyň özünde 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwar ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 14 milliard 761 million manada (2024-nji ýylyň 1-nji ýanwar ýagdaýynda 12 milliard 287 million manat) barabar boldy.
Mundan başga-da, 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwar ýagdaýyna raýatlara we edara görnüşindäki tarapy döretmeýän telekeçilere milli manatda berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 25 milliard 247 million manada (2024-nji ýylyň 1-nji ýanwar ýagdaýynda 21 milliard 807 million manat) barabar boldy.