Geçen ýekşenbede Germaniýada Bundestaga bolan möhletinden öňki saýlawlarda Hristian-demokratik we Hristian-sosial bileleşikleriň Blogy ýeňiş gazandy. Ol sesleriň 28 göterimden gowragyny gazandy. Häzirki Kansler Olaf Şolsuň partiýasy taryhda iň ýaramaz netije bilen üçünji orny eýeledi diýip, «MIR 24» habar berýär.
Konserwatorlar özleriniň ýeňşini deslapky jemler yglan edilende, baýram etdiler. Kansler wezipesine dalaşgär, ýurduň Hristian-demokratik bileleşiginiň lideri Fridrih Mers 20-nji aprele çenli täze Hökümeti düzmekçidigini yglan etdi. Mers saýlawlarda gazanan ýeňşi barada: «Men häzir biziň öňümizde duran jogapkärçilige, şeýle-de wezipeleriň uludygyna oňat düşünýärin. Bu saýlaw möhüm meseleleri, şol sanda ykdysady, syýasy, migrasiýa, daşary syýasat we howpsuzlyk babatdaky kynçylyklary ara alyp maslahatlaşmak üçin zerurdy» diýdi.
Şolsuň Hökümeti indi taryhda galýar. Ol soňky pursada çenli Kansler wezipesinde galmaga umyt edýärdi, emma umydy puja çykdy. Sebäbi sosial-demokratlar saýlawçylaryň bary-ýogy 16 göteriminiň sesini alyp, üçünji orna düşdi. Bu partiýanyň bütin taryhynda iň ýaramaz görkezijidir.
Saýlawlarda «Germaniýa üçin alternatiwa» partiýasy taryhynda iň oňat görkeziji gazandy, ol öz netijesini iki esse gowulandyrdy.
Täze Hökümet düzülýänçä, Olaf Şolsuň partiýasy öz wezipe ygtyýarlylyklaryny dowam eder.