Öýken çişmesi sebäpli hassahana ýerleşdirilen Rim Papasy Fransiske gan goýberdiler diýip, Watikan habar berdi.
Şenbe güni irden 88 ýaşly Pontifik uzak dowam eden dem gysma tutgaýyny başdan geçirdi, oňa kislorod ylanmak zerurlygy döredi.
Watikanyň: «Gan barlaglary şeýle-de ganazlyk sebäpli damarlaryň dykylmagyny görkezdi, şonuň üçin Papa gan goýbermeli boldy» diýen beýanatyny «RIA Nowosti» getirýär. Metbugat gullugynda Papanyň aňyndadygy, emma ýagdaýynyň öňki gündäkiden ýaramazlaşandygyny, lukmanlaryň anyk çaklama aýtmakdan saklanýandyklary ýazýarlar.
14-nji fewralda Papa Fransiske lukmançylyk kömeginiň gerek bolandygyny ýatladýarys. Ony öýken ýokanjy bilen hassahana ýerleşdirdiler, onda ikitaraplaýyn öýken çişme hasaba alyndy.