«Arkadagyň» futbolçylaryna 2025-nji ýylyň Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogyndaky ýeňşi üçin kubok we medallar gowşuryldy.
Kubogy «Arkadagyň» kapitany Ahmet Ataýewe Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygynyň ikinji orunbasary Nazar Çöliýew we TFF-niň Baş sekretary Serdar Geldiýew gowşurdy.
Soňky 5-nji tapgyrda Wladimir Baýramowyň tälim berýän topary «Aşgabady» ýeňdi. Gökdepe etrabynyň Babarap geňeşliginde geçirilen duşuşyk 4:0 hasaby bilen tamamlandy. Ýeňijileriň düzüminde Begenç Akmämmedow iki gol (25 penaltiden, 35) geçirdi, Şanazar Tirkişow (29) we Enwer Annaýew (90) garşydaşynyň derwezesinden hersi bir goldan geçirdiler.
«Arkadag» iki ýylda altynjy kubogyny gazandy. Öň bu topar iki gezek çempionatyň altyn medalyna, iki gezek – Kuboga we bir gezek – Superkuboga eýe boldy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogynyň kümüş we bürünç medallary degişlilikde «Ahal» we «Merw» toparlaryna gowşuryldy, olaryň jemleýji tapgyrdaky duşuşygy 1:1 hasaby bilen deňme-deň tamamlandy. Ibragim Amangeldiýewiň geçiren goluna «Merw» topary Alibek Abdyrahmanowyň öz derwezesine geçiren awtogoly bilen jogap berdi.