Peruwyň Truhilo şäherindäki söwda merkeziniň üçegi ýykylyp, azyndan alty adam gurban boldy, 78 adam şikes aldy diýip, «Associated Press» habarlar gullugyna salgylanýan «INTERFAX.RU» ýazýar. Şikes alanlaryň üçüsiniň agyr ýagdaýdadygy habar berilýär.
Wakanyň bolan ýerinde gözleg işleri alnyp barylýar, ol ýerde diri galanlaryň bar bolmagy mümkin.
Truhilo şäheriniň häkimi söwda merkeziniň howpsuzlyk maksatlary bilen ýapyljakdygyny, beýleki söwda merkezleriniň hem gözden geçiriljekdigini habar berdi.