Düýn — ýekşenbede Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň 65 ýaşy doldy. Doglan gününiň öňüsyrasynda ol Tokiodaky Patyşa köşgünde žurnalistler bilen söhbetdeş boldy diýip, «www3.nhk.or.jp» saýty habar berdi.
2025-nji ýylda Ikinji jahan urşunyň tamamlanmagyna 80 ýyl dolýandygyny agzap, Patyşa uruş baradaky ýatlamalarynyň tiz wagtda unudyljakdygyny çaklady. Ol, öz gezeginde, ýowuz uruş baradaky taryhyň we elhenç wakalaryň, ony başdan geçirenleriň hiç wagt unudylmaly däldigini nygtady.
Patyşa her gezek hormatly Patyşa Akihito bilen hormatly Şa zenan Mitikonyň uruş ýyllary barada gürrüň berýandiklerini we olaryň parahatçylyk barada dileglerini diňleýändigini sözüniň üstüne goşdy.
Naruhito şeýle-de 2025-nji ýylyň adamlar üçin Ýaponiýanyň ösüşiniň esaslaryny goýanlar barada çuňňur oýlanmalar ýyly boljakdygyna, hemmeleriň parahatçylygyň gymmatyna aýratyn sarpa goýjakdyklaryna umyt bildirdi.