«Maksatly Türkmen» hojalyk jemgyýeti size islendik jaýyň täsirli bezegine öwrüljek ajaýyp we häzirki zaman akril perilalary hödürleýär. Ýarym aňyrsy görünýän pleksiglasdan ýasalan bu perilalar diňe bir özüne çekiji owadan görnüşe eýe bolman, eýsem ýokary derejede çydamly hem uzak wagtlap ulandyrýar.
«Maksatly Türkmeniň» perilalaryny öndürmekde ulanylýan pleksiglas adaty aýnadan 10 esse berk bolup, 50 ýyl ulanmak üçin niýetlenendir. Bu material beton, daş, metal ýa-da agaç esasly häzirki zaman basgançaklaryna gurnamak üçin örän göwnejaýdyr.
Akril perilalaryň esasy tapawutly artykmaçlyklarynyň biri hem olaryň köptaraplylygydyr. Olar agaç, alýumin, polat, hromlanan polat, poslamaýan polat hem-de hatda altyn çaýylan elementler ýaly dürli materiallar bilen göwnejaý sazlaşýar. Bu bolsa islendik interýerde sazlaşykly ajaýyp dizaýn çözgütlerini döretmäge mümkinçilik berýär.
«Maksatly Türkmeniň» pleksiglas basgançaklary müşderileriň ähli isleglerini göz öňünde tutup, özbaşdak sargyt esasynda taýýarlanylýar. Gerekli taslamany döretmek işine jaýyňyz üçin iň oňat görnüşi saýlamaga kömek etjek tejribeli dizaýnerler we arhitektorlar gatnaşýarlar.
Habarlaşmak üçin:
- ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi, 28-nji jaý;
- telefon belgileri: 75 41 11, 75 42 22, 59 53 53, 59 53 33;
- sosial media ulgamyndaky sahypasy.
Şeýle-de okaň: