Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Braziliýada 4500 sany ary çakan oglanjygy halas etdiler

10:5522.02.2025
0
23854
Braziliýada 4500 sany ary çakan oglanjygy halas etdiler
Surat: gazeta.ru

Braziliýaly 14 ýaşly mekdep okuwçysy Witoe Ugo Ferreýra Duarte top oýnap ýörkä, tötänlikde ary öýjügine degdi. Netijede, ýetginjegi 4500-den gowrak ary çakdy diýip, «Metrópoles» neşirine salgylanýan «vfokuse.mail.ru» gürrüň berýär.

Wakanyň şaýatlary we geçip barýan adamlar oglany halas etmek üçin oduň kömegi bilen arylary ürküzjek boldular, emma tüsse arylary has-da öjükdirdi. Lukman gelende, ýetginjegiň üst-başy arylardan hyň berýärdi. Köpsanly ary çakan yzlaryna garamazdan, Witory wagtynda gyssagly kömek bölümine ýerleşdirip, däri-derman etdiler.

Häzirki wagtda oglanjyk özbaşdak dem alyp bilýär, emma uly möçberdäki ary zäheriniň bedene aralaşmagy sebäpli, onuň böwrekleri ejir çekdi. Lukmanlar ol gutular diýip ynandyrýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň