Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Zyýat Hil» konditer dükanlary «Esterhazi» tortunyň özboluşly iki görnüşini hödürleýär

10:4122.02.2025
0
25170

«Zyýat Hil» konditer dükanlary zynjyry «Esterhazi» atly nusgawy wenger tortunyň özboluşly iki görnüşini hödürleýär. 100 ýyldan gowrak taryhy bolan bu meşhur süýjülik indi pisseli we hozly görnüşde elýeterlidir.

XIX asyrda ýaşap geçen wenger diplomaty knýaz Pal Antal Esterhaziniň adyny göterýän «Esterhazi» torty, adatça, näzik gaýmak kremi bilen badamly çörekleriň birnäçe gatlagyndan ybaratdyr. «Zyýat Hil» dükanlarynyň konditerleri bu ajaýyp süýjüligiň iki görnüşini döredip, nusgawy taýýarlaýyş usulyna öz çemeleşmelerini girizdiler.

Birinji görnüş torta aýratyn hoşboý ysy we özboluşly pisse tagamyny berýän saýlanma pisseleri peýdalanmak arkaly taýýarlanýar. Ikinji görnüş grek hozlarynyň ulanylmagyna esaslanýar, bu bolsa süýjülige has baý we adaty tagam berýär.

«Esterhazi» tortunyň häsiýetli aýratynlygy onuň meşhur bezegidir – bu wenger süýjüliginiň depesi tor şekilinde gara we ak reňkli şerbet bilen bezelýär.

Täze önümi «Zyýat Hil» konditer dükanlarynyň ählisinde dadyp bilersiňiz:

  • Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254, habarlaşmak üçin telefonlar (+993 12) 35 37 13 we (+993 62) 02 13 61;
  • Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, «Seýran» söwda merkezi, telefonlar (+993 12) 29 35 03 we (+993 62) 02 13 62;
  • Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3, 1-nji gat, telefonlar (+993 12) 97 95 06 (+993 62) 02 13 63.

Sosial ulgamdaky sahypasy.

Ýatlatsak, 150 manatdan başlaýan bahalardan süýjülik sargyt edilende, Aşgabada we Gökdepe etrabyna eltip bermek hyzmaty mugt amala aşyrylýar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň